Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ekologik taýdan nusgalyk şäher

11-07-2023 / 5079

Arkadag şäheri diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biler. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.

Täze şäheriň gurluşygynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň talaplaryndan ugur alnandygyny turuwbaşdan bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýokary netijesini görmek bolýar. Bu konsepsiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgeleriň üpjün edilmegi aýratyn talap bolup durýar.

Şäheriň çäklerinde gök zolaklaryň döredilmegine, bag nahallarynyň oturdylmagyna we degişli derejede ideg edilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýaşyl baglara bürenen seýilgähler, medeni-dynç alyş zolaklar döredilýär. Bu bolsa ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen birlikde, adamlaryň medeniýetli dynç almaklaryna, işden boş wagtlaryny hoş geçirmeklerine ýardam edýär.

Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň alnyp barylýan döwründen bäri iri ekologik çäreleriň geçirilendigini hem ýatlamak ýerliklidir. Bu ýerde ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde müňlerçe bag nahallary oturdyldy. Mundan başga-da, geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda guralýan bu döwrebap şäheriň golaýynda açyk asmanyň astynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy guramaçylykly geçirildi. Bu okuw sapagyna oba hojalyk pudagynyň hünärmenleri, şeýle hem Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi gatnaşdy.

Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy hem-de onuň açylyş dabarasynda dürli ugurlarda ýeten üstünliklerini tassyklaýan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Umuman, Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa, ekologiýa goraglylygy babatynda nusgalyk şäherdir. Munuň özi ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com