Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Durmuş sapaklaryny öwredýän gymmatly hazyna

11-07-2023 / 5065

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakanyň — Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmeginiň öňüsyrasynda neşir edilen edebi-filosofik eser — Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaby Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly pikir-garaýyşlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly edebi döredijiliginde halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgeleri beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu täze eserde dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň durmuş filosofiýasy beýan edilýär. Bu kitap hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy» ýaly eserleriniň logiki dowamydyr.

Täze kitap «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan — enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy» hem-de «Ömrüňiz uzak bolsun!» atly bölümlerden ybarat bolup, olarda beýan edilýän garaýyşlar okyjyny döwletli döwranymyz, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz hakyndaky çuňňur oýlaryň dünýäsine atarýar. Neşir garalýan meseleleriň köpdürlüligi, diliniň baýlygy we düşnükliligi bilen tapawutlanýar. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň, filosoflaryň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem kitabyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň öz ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlar, duýgy-düşünjeler, pikir-garaýyşlar, Watanymyzyň ösüş menzilleri beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby watansöýüjilige ýugrulan kitapdyr.  Şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döredijilik üstünlikleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!  Dünýämizi mähir bilen gurşaýan Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamy ýiti bolsun! Dana pederiniň ýörelgesini, merdana türkmeniň beýik watançylyk ýoluny dowamat-dowam etmekde Arkadagly Serdarymyza üstünlikler hemra bolsun!   

Maýa SAPAROWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com