Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Gadymy mekanyň döwrebap şäheri

08-07-2023 / 5085

Köpetdagyň eteginde kemala gelen «akylly» şäher ynsan paýhasy we zähmeti bilen döredilen hakyky gudratdyr. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmenistanlylara eden iň ajaýyp, iň naýbaşy sowgadydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli ylhamyndan bina edilýän bu ajaýyp şäheriň gurluşyk işleri iki tapgyrda amala aşyrylýar. Onuň birinji tapgyry jemi 336 desgany öz içine alýar. Ekologiýa taýdan arassa ulaglar, «akylly» awtoduralgalar, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy, sanly hyzmatlar, smartfon arkaly dolandyrylýan «akylly» jaýlar, medeni maksatly desgalar, bilim ojaklary, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri, durmuş-üpjünçilik, ulag-aragatnaşyk ulgamlary… bularyň ählisi döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder. Şäheriň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylmagy bizi diýseň begendirýär.

Häzirki döwürde dünýäde «smart-siti» konsepsiýasy esasynda bina edilen tutuş şäheri ulanmaga bermäge ukyply ýurtlar köp däldir. Täze şäheriň abraýly halkara düzümleriň we guramalaryň güwänamalarynyň 21-sine mynasyp bolmagy onuň häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä derejeli «merjenleriniň» biri hökmünde ykrar edilendigini görkezýär. Arkadag şäheriniň Türkmenistanda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizilen ilkinji «akylly» şäherdigini hem bellemek gerek. Munuň özi şäheriň ösüşine innowasion çemeleşmeleriň we döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine bolan jogapkärçilikli garaýşynyň aýdyň netijesidir.

Özüniň owadanlygy we binagärlik-şähergurluşyk babatda gaýtalanmajak keşbi bilen dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken täze «smart-sitiniň» açylan ilkinji günlerinden halkara duşuşyklaryň, sport we medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini bellemek gerek. Merkezi Aziýada ýeke-täk «akylly» şäheriň açylmagy, onuň durmuş düzümine täzeçil, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy aýratyn möhüm taryhy ähmiýeti bolan waka hökmünde mähriban Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.

Perman NOWBATOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com