Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

6 aýda iň köp pul gazanan adam

08-07-2023 / 91

«Bloomberg» -iň habar bermegine görä, .Ilon Mask soňky 6 aýda iň köp pul gazanan adamlaryň sanawynda birinji orny eýelemegi başardy.

«Tesla» kompaniýasynyň esaslandyryjysy, şeýle-de, «SpaceX» -iň we «Twitter» -iň eýesi bolan Mask soňky 6 aýda 96,6 milliard dollar girdeji gazandy. Ikinji orny 58,9 milliard dollar girdeji gazanan, Meta-ny esaslandyryjy Mark Sukerberg eýeläpdir.

Amazon korporasiýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos, Oracle korporasiýasynyň esaslandyryjylaryndan biri bolan Larri Ellison we LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti (Louis Vuitton Moet Hennessy) Bernar Arno dagylar hem bu sanawda öz orunlaryny alýar. Dünýäniň iň baý 500 adamy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda bilelikde alaňda jemi 852 milliard dollar girdeji gazanypdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com