Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

iPhone 15 täze reňkleri bilen

07-07-2023 / 5048

Täze iPhone 15 we 15 Plus «iPhone 12-niň we iPhone 11-iň ýaşyl reňkine ýakyn» ýaşyl reňkde bolar diýlip garaşylýar. Bilşimiz ýaly, bu enjamlaryň ozal narpyz öwüşginindäki görnüşi bardy. Ýöne iPhone 13 bilen iPhone 14-iň önümçiliginde narpyz reňk ulanylmady.

Maglumata görä, Apple smartfonlary üçin, açyk gök we gülgüne ýaly, dürli-dürli reňkleri deňeýär. iPhone 15 Pro-nyň korpusy titandan ýasalar we öndüriji bu materiala boýag çalmak prosesini kämilleşdirmelidir. Kompaniýa birnäçe ýyl bäri «Apple Watch Edition» -da titany ulanýar we sagady tebigy hem-de älem reňkinde hödürläp gelýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com