Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek ugrunda

07-07-2023 / 5078

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.

Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň täze milli meýilnamasy Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen geçirilen maslahatlaşmalaryň netijesinde işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň we ÝUNISEF-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmekde, ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny berkitmekde, goramakda we olaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly gurşawyň çäklerinde kemala getirmekde oňyn täsirli wezipeleri öňde goýýar.

Bu milli Meýilnama her bir çaganyň we onuň ene-atasynyň öz hukuklaryna düşünmegini, jemgyýetiň has abadan bolmagy üçin olary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleriniň bolmagyny, hiç kimi gözden salman, her bir çaganyň ösüşi üçin mümkinçilikleriň döredilmegini, howandarlyga mätäç çagalary goldamagy öz maksatlarynyň içine alýar.

Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen 6 sany esasy ugur bu meýilnamanyň wezipelerini kesgitleýär. Ýeri gelende bellesek,  onda birinji ugurda çagalaryň gowy saglyga, iýmite, howpsuz agyz suwuna we arassaçylyga; ikinji ugurda bilime; üçünji ugurda mynasyp maddy hal-ýagdaý derejesine we howpsuz daşky gurşawa; dördünji ugurda çagalara ynsanperwer garaýşy üpjün etmäge, hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga; bäşinji ugurda howpsuz we arassa gurşawa; altynjy ugurda bolsa çaganyň öz durmuşyna, abadançylygyna, ösüşine täsir edýän çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyk wezipeler göz öňünde tutulandyr.

Elbetde, çagalaryň ählitaraplaýyn ýokary derejede ösdürilmegi, terbiýelenmegi, bilim berilmegi ugrunda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli we toplumlaýyn çäreleriň üstüni ýetirýän bu wezipeler hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki biziň ýurdumyzda altyn nesilleriň altyn ykbaly, röwşen geljegi hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şoňa görä-de, şeýle meýilnamalaryň, şol sanda beýleki ugurdaş Maksatnamalaryň we resminamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bagtyýar nesilleriň barha kämilleşmegine, olaryň irki ösüşiniň kadaly üpjün edilmegine we maksadalaýyk mekdebe taýýarlanmagyna itergi berýär.

Şeýle giň göwrümi çäreleriň we baý mazmunly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi şadyýan körpeleriň Watanynda nesil hakyndaky aladalaryň netijeliligini artdyrýar. Öňde goýlan wezipeleri, aýdyň maksatlary durmuşa geçirmek üçin bolsa degişli düzümleriň ählisinde zerur bolan mümkinçilikler döwrebap derejede üpjün edilýär.

Çünki hormatly Prezidentimiziň hem aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek baradaky döwlet goldawynyň kämil ulgamy döredildi. Şoňa görä-de, strategik maksatnamalarymyza laýyklykda, bagtyýar çagalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik we dostluk ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli alada edýäris. Şeýle belent maksatly arzyly aladalar bilen ýurduň geljegini gurýan-nesilleriň bagtyny ähli zatdan ileri tutýan halkymyzyň Milli Lideri eziz Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyna egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Çynar KADYROWA,
Mary şäherindäki 13-nji  çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com