
Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň çapdan çykmagy bu şanly senä ajaýyp sowgat boldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde gurlan binalardyr desgalar bilen tanyşdyrýan kitapçalaryň hem 14-siniň neşir edilendigini bellemek gerek. Bu neşirler sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlary özünde jemläp, täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklaryny beýan edýän ajaýyp fotosuratlar bilen bezelipdir.
Döwlet ähmiýetli şäheriň açylyş dabarasyna gabatlanyp neşir edilen kitapçalar Arkadag şäheriniň onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, köpugurly hassahanasynyň, Saglygy goraýyş müdirliginiň, saglyk öýüniň, «Tiz kömek» merkeziniň, bedenterbiýe we sport binalarynyň, döwlet arhiwiniň, ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň hem-de söwda, bilim, medeniýet, oba hojalyk toplumlarynyň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap binalary, olaryň alyp barjak işleri bilen bagly anyk maglumatlary özünde jemleýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşirler her desganyň binagärlik aýratynlygyny, olarda ornaşdyrylan «akylly» enjamlary beýan edýän ajaýyp fotosuratlar bilen bezelipdir.
Ýakynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly ajaýyp kitabyň çapdan çykmagy hem halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen bagly maglumatlary özünde jemleýän bu ajaýyp kitapda geçen ýyllaryň dowamynda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda gaznanyň işiniň ýola goýluşy, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda, hususan-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler giňden açylyp görkezilýär.
Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.