Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — döwrüň buýsanjy

07-07-2023 / 5013

Gadymy Nusaýyň, Änewiň, Abywerdiň, Sarahsyň, Şähryslamyň dünýä ýaň salan taryhyna şaýat bolan Ahal topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, umumydünýä ösüşine sazlaşykly goşulan nurana mekandyr. Ahalyň döwrebap merjenine öwrülen, geçmişde ulug döwletleri, azym-azym şäherleri guran türkmen halkynyň geljegini nazarlaýan uly şäheriň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan tagallalarynyň miwesidir.

2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirip, täze şäher bilen bagly döwletli Kararlara gol çekmegi, iri şähergurluşyk taslamasynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň sähetli senesini belläp bermegi, onuň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşmagy il-ulsumyzda toý şatlygyny döretdi. Bu şäheriň açylyş dabarasyna indi birnäçe aý bäri taýýarlyk görlüp gelinýär. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda geçiren iş maslahatynda täze şäheriň açylyşyna ykjam taýýarlyk görmek baradaky wezipeleri kesgitlemek bilen, şeýle diýipdi: «Şäheriň gurluşygynyň taryhda altyn harplar bilen yz galdyryşy ýaly, onuň açylyş dabarasy hem adamlaryň ömürlik ýadynda galmalydyr, türkmen halkynyň toý tutmagy başarýan halkdygyny bütin dünýä subut etmelidir». Bu sözler 29-njy iýunda beýik döwrüň şöhratly wakasynda öz kämil beýanyny tapdy.

«Şu günki günüň talaby», «Akylly» şäher», «Ýaşyl» ösüş», «Ekologik kadalar», «Sanly ulgam», «Dünýäniň iň gowy tejribeleri»… Täze şäheriň aýratynlyklary barada aýtmakçy bolsak, bu jümleleri işjeň ulanýarys. Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynda täze şäherde ulanyljak, ekologik talaplara doly laýyk gelýän döwrebap ulaglary — elektrobuslary, elektromobilleri, jemagat ulaglaryny, ýöriteleşdirilen gulluk ulaglaryny sowgat etdi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizilendigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri. Köpetdagyň etegindäki, sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň edaralarynyň, gulluklarynyň ýolbaşçy wezipelerine ýaşlaryň bellenilmegi şeýle diýmäge esas berýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli binagärlik ýörelgelerini dabaralandyrýan Arkadag şäherinde geçmişde öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň atlary ebedileşdirildi. «Arkadag» teleýaýlymynyň, «Arkadag» gazetiniň döredilmegi şäheriň täze taryhynyň şatlykly wakalaryna öwrüldi.

Maýa DURDYÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com