
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) dünýäde iri sebit guramalaryň biridir. Oňa Russiýa, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan girýär. Nobatdaky geçiriljek ŞHG-niň 23-nji sammitinde Eýran Yslam Respublikasy täze agza hökmünde guramanyň işine dolulygyna gatnaşar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi şu ýylyň 4-nji iýulynda geçiriler. Nobatdaky sammit Hindistanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygynda, onlaýn tertipde geçiriler.
Geňeşiň 23-nji sammitiniň esasy resminamasy bolsa Deli jarnamasy bolar. Şeýle-de geçiriljek sammitde, sebitiň howpsuzlygyny, ykdysady ösüşi, medeni we ynsanperwer alyş-çalşygy üpjün etmek bilen bagly möhüm kararlar kabul ediler. Mundan başga-da, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine 6 sany halkara we sebit guramasynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistan ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşýar. Gurama döredileli bäri, öz işini agza ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylygyny, birek-birege ynamyny güýçlendirmäge we ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirip alyp barýar.
Şamyrat AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.