Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Täze stadionyň taryhyndaky ilkinji duşuşyk

03-07-2023 / 5018

2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda Arkadag şäherindäki «Arkadag» stadionynda ilkinji futbol duşuşygy geçirildi. Onda täze şäheriň adybir futbol topary «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahaly» bilen güýç synanyşdy.

Ajaýyp stadiondaky ilkinji duşuşyk taraplaryň ýiti hüjümlerine diýseň baý boldy. 40 minutlap höküm süren deňligi «Arkadag» toparyndan Begmyrat Baýowyň geçiren goly jemledi — 1:0. Birinji ýarym şeýle netije bilen tamamlandy. 51-nji minutda geçirilen hüjüm hem Şanazar Tirkişowyň netijeli urgusyny şertlendirdi. Şeýlelikde, «Arkadag» toparynyň ikinji goly bellige alyndy. 89-njy minutda bolsa Orazberdi Myradow tapawutlandy.

Täze stadionyň taryhyndaky ilkinji duşuşyk köp sanly futbol janköýerleriniň ünsüni özüni çekdi. Hut şu ýylda döredilen we Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň birinji aýlawyny birinji orunda tamamlan «Arkadag» futbol topary tomusky arakesmede hem badyny gowşatmandygyny duşuşygyň dowamynda subut etdi. Milli çempionatymyzyň iň ýaş topary geçen ýylyň çempionyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, futbol jemgyýetiniň wekilleri täze stadionyň mümkinçiliklerini hem synagdan geçirdiler. 10 müň orunlyk bu stadionda geljekde milli we halkara derejeli futbol duşuşyklarynyň köp sanlysyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com