
Türkmen halkynyň taryhynda we ajaýyp ykbalynda altyn harplar bilen ýazylan arzyly waka — Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy ähli türkmenistanlylary tüýs ýürekden buýsandyrdy. Göwünlere ganat beren bu ajaýyp pursatlar Garaşsyz Türkmenistanyň abraý-mertebesini ýene-de bir täze belentlige göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu şäheriň birinji tapgyrynyň ýokary guramaçylyk derejesinde we baý mazmunda ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen halkara derejeli çäreleriň özi hem täze «akylly» şäheriň tutuş sebit üçin hem örän buýsançly waka öwrülendigini alamatlandyrýar. Kanuny taýdan döwlet ähmiýetli şäher derejesi bolan Arkadag şäheri türkmeniň röwşen ykbalynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň şuglasy bolup äleme ýalkym saçar.
Arkadag şäheri — türkmen halkynyň Milli Lideriniň köňül ylhamyndan, kämil paýhasyndan dörän ajaýyp binagärlik eseri.
Arkadag şäheri — döwlet Baştutanymyzyň döwletiň we milletiň bähbidine gönükdirilen häzirkizaman tagallalarynyň aýdyň nyşany.
Arkadag şäheri — beýik geçmişiň, şu günüň hem ýagty geljegiň alamatlaryny bir bitewilige jemlän mukaddes künjek.
Diýmek, Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Arkadag şäheriniň döwletimiz we halkymyz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýeti bardyr.
Ýeri gelende bellesek, bu şäher ýaşaýşyň täze mümkinçilikleriniň hem ýaşlaryň şäheridir. Bu ýerde ýaş hünärmenler we ýaş maşgalalar üçin işlemäge, döretmäge, bagtyýar durmuşda ömür sürmäge ähli mümkinçilikler we innowasion şertler giňden açylýar. Ýaş nesilleriň ylym-bilimli, belent ruhly, sagdyn düşünjeli we giň gözýetimli kemala gelmeklerini üpjün etmäge gönükdirilen ylym-bilim ojaklary bu ýeriň ylmyň hem bilimiň mekany hökmünde-de uly meşhurlyga eýe boljakdygyndan habar berýär.
Arkadag şäherinde bina edilen döwrebap çagalar bakja-baglary, ak mekdepler, stadionlar, sport merkezleri we sagaldyş-dynç alyş toplumlary bagtyýar nesilleriň durmuşyny gülleder.
Bu şäheriň görküne görk goşýan Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binalarynyň hem-de beýleki ugurdaş merkezleriñ döredilmegi bolsa bu ýerde döwrebap hünärmenleriň täze nesliniň kemala geljekdiginiň güwäsidir. Döwletmämmet Azady adyndaky Akadag şäher kitaphanasy bolsa bu ýeriň kämil paýhasyň ojagydygynyň buýsançly ykrarydyr.
Şeýle-de bu ýerdäki bilim-ylym ojaklarynyň halkara derejesinde gurlup ulanylmaga berilmegi we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa bu şäheriň sebitde, yklymda ylym-bilim merkezi hökmünde uly abraýdan peýdalanjakdygyny görkezýär.
Biz — bilim işgärleri zamanamyzyň şeýle şöhratly wakalaryna mynasyp sesimizi goşup, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren beýik başlangyçlaryny we hormatly Prezidentimiziň dowam edýän üstünlikli ýörelgesini tüýs ýürekden gollaýarys we ýaş nesliň arasynda wagyz etmäge çalyşýarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abraýyny dünýä dolduryp, ata Watanymyzyň şanyny arşa ýetiren Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ebedilik alkyşlar bolsun!
Maýa DÖWLETJANOWA,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.