
Bilşimiz ýaly, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar geçirildi.
Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär.
Dabaralaryň dowamynda “Arkadag Binasynyň” açylyşy boldy. Bu binada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewine atlanan aýgytly keşbi şekillendirilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar. Binanyň umumy beýikligi 43 metrdir. Onuň suw çüwdürimleriniň diametri 65 metre barabardyr. Sütüniň ýokarsyna görk berýän altyn çaýylan bugdaý sünbülleri ýurdumyzdaky berekediň, bolçulygyň sungat dilindäki beýanydyr.
Mejlisiň Başlygy dabarada çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň taryhy ähmiýetini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşy eziz Watanymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglydyr. Bellenilişi ýaly, şeýle täsin şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde mümkin boldy. Watanymyza çäksiz söýgi bilen hyzmat etmegi hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygy barada ýadawsyz alada etmegi bilen, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň çuňňur hormat-sarpasyna, ynamyna mynasyp boldy. Şäheriň merkezi seýilgähinde ýerleşdirilen “Arkadag Binasyna” Mejlisiň kararyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Kemal DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.