Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Dänew etrabynda çagalar üçin dynç alyş merkezi açyldy

29-06-2023 / 5110

Dänew etrabynyň Bahar şäherçesinde çagalara niýetlenen döwrebap medeni-dynç alyş seýilgäh — «Bagtyýar çagalar» dynç alyş merkezi açylyp ulanmaga berildi.

2021-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň «Iň göreldeli etraby» diýlip yglan edilen etraba berlen pul baýragynyň hasabyna gurlan merkeziň açylyş dabarasy ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz şatlyk döretdi.

«Jemşidiň jamy» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze merkezde çagalaryň her güni şatlykly wakalara beslener. Mekdebe çenli döwri çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde wajyp orny eýeleýär. Merkeziň desgalar toplumynda çagalara we ululara niýetlenen iki sany söwda dükany, naharhana, içinde kömekçi otaglar ýerleşdirilen dolandyryş binasy, ýangyndan goramak üçin suw howdany, gezelenç meýdançalary bar. Merkezdäki oýnawaçlar çagalaryň hyýalbentligini ösdürer. Bu ýere gelen çagalaryň syn etmek başarnyklarynyň, çeperçilik hem-de döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Munuň özi ösüp gelýän nesil barada edilýän aladalaryň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com