Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Arkadag şäheri dabaraly açyldy

29-06-2023 / 110

Şu gün – 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. «Akhan» binasynyň şatlyk-şowhunly açylmagy bilen, dabaralara badalga berildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çärä daşary ýurtlardan belent mertebeli myhmanlar hem gatnaşdylar.

«Akhan» binasynyň açylyş dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly myhmanlar bilen bilelikde Arkadag şäherindäki Baş baýramçylyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we Döwlet baýdagy galdyryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanlar bilen resmi duşuşyklary geçirdi. Şol pursatlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň gatnaşmagynda «Arkadag Binasynyň» açylyş dabarasy boldy.

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde baýramçylyk ýörişi guraldy. Hormatly Prezidentimiz we ýurdumyza gelen myhmanlar döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly edebi kompozisiýasyna hem-de baýramçylyk ýörişine tomaşa edenlerinden soňra, awtoulaglarda täze «akylly» şäheriň çäginde gurlan binalardyr desgalary synlap, olaryň deňlerinden geçdiler. Täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy hem aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow myhmanlar bilen bilelikde täze açylan öýleriň birine myhman bolup, bu ýerde ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle-de belent mertebeli myhmanlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasyna baryp gördüler.

Umuman, şu gün Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan jemi 336 sany döwrebap desga ulanmaga berildi. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, inženerçilik ulgamlaryny özüne birleşdirýär.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com