Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

EXPO-2030: üç ýurt dalaşgärligini hödürledi

28-06-2023 / 5055

Ýakynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen iki günlük sammitde Halkara sergi guramasyna agza 179 ýurduň wekilleri «EXPO-2030» sergisini guramak maksady bilen üç ýurda Saud Arabystany, Günorta Koreýa we Italiýa ses berdiler. Üç ýurt geljekki Bütindünýä sergisiniň öz ýurtlarynda guralmagyny maksat edinýär.

Ses berişlikden soň Saud Arabystanynyň daşary işler ministri şazada Faýsal ben Farhan Al-Saud sergini paýtagt Er-Riýadda guramagyň taslamasyny hödürledi.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bu giň gerimli çäräni öz ýurdunyň ikinji uly şäheri Pusanda geçirmegi teklip etdi.

Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bolsa, serginiň öz ýurdunyň paýtagty Rimde guramagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Halkara sergi býurosyna agza ýurtlar noýabr aýynda geçiriljek maslahatda «EKPO-2030» sergisiniň nirede geçiriljekdigini anyk kesgitlär.

Dünýä HAJYMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com