Slide
Slide
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Biz näme üçin düýş görýäris?

Muny bilmek gyzykly

28-06-2023 / 5199

Biziň näme üçin düýş görýändigimiz barada gyzyklanýan esasy iki ugur: fiziologiýa (organizmiň işjeňligini öwrenýär) we psihologiýadyr (beýniniň işjeňligini öwrenýär). Dürli ylymlardygyna garamazdan, bularyň ikisi hem “ukynyň bir görnüşi bolan çalt ukynyň dowamynda biz düýş görýäris” diýen pikiri golda-ýarlar. Ukynyň şu görnüşiniň dowamynda biziň ýumuk gözlerimiz çalt hereket edýär, onuň şeýledigini bolsa gabaklarymyzyň çalt-çalt gyrpyldamasyndan bil-ýäris. Şol wagt beýnimiziň işjeňligi güýçlenýär.

Fiziologiýa taglymaty çalt ukynyň dowamynda beýnimiziň nähili işleýşini kesgitleýär. Bu taglymatyň tarapdarlaryny beýnimiziň öýjüklerini türgenleşdirmek üçin düýş görýändigimizi, oýanan halatymyzda beýnimiziň üznüksiz duýduryş signallaryny iberýändigini we habarlary kabul edýändigini, şeýlelikde, bedenimiziň dowamly hereketde bolmagy bilen bu funksiýanyň ornuny düýşleriň tutýandygyny belleýärler.

Psihologik taglymatyň tarapdarlarynyň pikirine görä bolsa, düýşler biziň pikirlerimize we duýgularymyza esaslanýar. Düýşler durmuşymyzda, ýagny, günüň dowamyndaky gutarylmadyk işleriň täsiri netijesinde döreýändir. Hakykatdanam, düýş bilen ynsanyň çuňduýgularynyň arasyndaky baglanyşyklar näçe müňýyllyklaryň dowamynda bolup gelipdir. 2300 ýyldan hem gowrak mundan ozal, grek filosofy Aristotel hem özüniň “ParvaNaturalia” atly eserinde arzuw-hyýallar bilen duýgularyň arasynda öz arabaglanyşygyň bardygyny ýazyp geçipdir. Bu bolsa düýş bilen ynsanyň çuň duýgularynyň arasyndaky baglanyşygyň näçe müňýyllyklardan bäri dowam edýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Maral DATOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com