
TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýun aralygynda ýurdumyzda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Onuň çäklerinde agza döwletleriň döredijilik, folklor we tans toparlarynyň, sazandalarynyň, opera aýdymçylarynyň bilelikdäki konsertleri, fotosuratlaryň we çagalaryň döreden surat eserleriniň sergisi guralar.
26-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Oňa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Özbegistandan, Yrakdan, Alžirden, Eýrandan, Rumyniýadan, Belarusdan, Gruziýadan hem-de beýleki ýurtlardan şahyryň döredijiligine sarpa goýýanlar, medeniýet we ylmy işgärler, ýazyjylar, žurnalistler gatnaşarlar.
Ýurdumyza gelen myhmanlar üçin paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Dabara gatnaşyjylar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem baryp görerler.
Türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagyna itergi berer. Bularyň ählisi dostlukly gatnaşyklary pugtalandyryp, TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň halklarynyň özboluşly aýratynlyklary, taryhy, medeniýeti, milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
«TürkmenGazet».