
Ary baly antiseptiki täsir edip, damarlary giňeldýär hem-de sowuklamanyň öňüni alýar. Goraýjy güýçleri tijendirip, immuniteti pugtalandyrýar. Onuň bir çaý çemçesi bokurdakda emele gelen gijeme alamatyny ýok etmäge ukyplydyr. Bal bokurdakdaky myşsalaryň dartylyp, ganaýlanyşyň işjeňleşmegine itergi berýär.
Özboluşly düzümi tebigy gelip çykyşy sebäpli bal adama energiýa berýär, immunitetini güýçlendirýär we bedenden toksinleri çykarmaga kömek edýär. Hünärmenleriň pikirine görä, ýokary hilli balda ýürek agyry, insult we düwnük keseliniň töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýän köp mukdarda antioksidantlar bar. Şeýle hem görüş ukubyny saklamaga kömek edýärler. Az mukdarda bal iýmegiň umumy holesteriniň derejesini peseltmäge, aşgazan yaralarynda agyryny azaltmaga kömek edýändigi kesgitlenildi.
Ary baly we zenjebil garylan çaý sowuklamany aýyrmakda täsirli içgileriň biridir. Bir bölejik zenjebili kesişdirip, üstünden 200 milligram gaýnag suw guýmaly. Biraz sowandan soň, 1 çaý çemçesi ary balyny garmaly. 40 gradusdan köp gyzdyrylanda, ary balynyň peýdaly elementleriniň aglabasy ýitip bilýär.
Merjen ORAZBERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.