
16 ýaşly hindi gyzy Sruşti Sudhir Jagtap jemi 5 günüň dowamynda 127 sagat tans edip, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy başardy. Bu barada «sputniknews» habar berýär. Iň uzyn tans rekordyny goýan 16 ýaşly Jagtap 127 sagat tans etdi. Jagtap gazanan bu ýeňşinden soňra tutuş gün uklapdyr diýen maglumatlar hem bar.
Şu ýylyň 29-njy maýynda tans edip başlan Jagtap, 3-nji iýuna çenli tans edipdir. Hindileriň meşhur tansy bolan «Katak» tansyny has gowy görýän ýaş hindi gyz, bu tansy öz ýurduna tans bilen wekilçilik etmek arzuwyny amala aşyrmak üçin edendigini aýdýar. Ginnesiň rekordlar kitabynyň düzgünlerine görä, bary-ýogy 5 minut dynç alyp bolýar we bu arakesmeleri birleşdirip bolýar. Jagtap arakesmelerini umumylykda şahsy harajatlary üçin ulanypdyr.
Öňki rekord 2018-nji ýylda Nepalda 126 sagat bilen hasaba alnandyr.
Maksuda MUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.