Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

3,13 sekunt bilen rekordy täzeledi

18-06-2023 / 29

Rubigiň kubuny 1974-nji ýylda Wengriýanyň binagärlik professory Erno Rubik oýlap tapýar. Erno okuwçylaryna 3 ölçegli giňişlikleri öwretmek üçin Rubik kubyny maşk hökmünde ulanypdyr. 1980-nji ýyllardan başlap, kub dünýäde meşhur enigma oýnuna öwrülendir.

21 ýaşly Amerikaly Maks Park Rubigiň kubuny 3,13 sekuntda çözmek bilen Ginnesiň rekordyny täzelemegi başardy. Ozalky 2018-nji ýylda Kaliforniýada geçirilen çärede 3,47 sekuntda kuby düzüp rekord goýmagy başaran Hytaýly Usheşeng Du-dyr.

2 ýaşynda autizm diagnozy bolan Parkyň maşgalasynyň, çagalarynyň motor ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin Rubigiň kubuna ýüz tutandyklary mälim edildi. Ýene bir tarapdan, Park ýakyn dosty Feliks Zemdegs bilen bilelikde baş keşbi janlandyran Netflix-iň dokumental filmi «The Speed ​​Cubers» bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazanypdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com