Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Arkadag şäheriniň II tapgyrynyň düýbi tutuldy

17-06-2023 / 5063

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Şu mynasybetli guralýan dabaranyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. 

Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň gurulmagy meýilleşdirildi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde, gündelik sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak, hyzmatlar ulgamyny gowulandyrmak üçin işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Köpetdagyň eteginde kemala gelýän «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak mynasybetli guralan çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz şäher häkimliginiň öňünde dabaraly ýagdaýda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna täze awtoulaglaryň açaryny gowşurdy.

Bu ýerde ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm waka — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy hem berildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com