Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Donorlara saglyk ýaran bolsun!

14-nji iýun – Bütindünýä donorlar güni

14-06-2023 / 5108

Beýleki ýutlarda bolşy ýaly, her ýylyň 14-nji iýunynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Bütindünýä donorlar güni ýurdumyzda hem giňden belenilýär. Türkmenistanyň «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Kanunyna laýyklykda, 18 ýaşdan 60 ýaşa çenli bolan sagdyn adamlar öz islegi boýunça meýletin gan berip donor bolup bilerler. Gan banklarynda 100-den gowrak donor hasapda durýar. Ýurdumyzda saglygy goraýyş edaralaryny gan we gan önümleri üpjün edilip, bu ugurda ähli işler giňden ýola goýuldy. 

Ýurdumyzyň Gan merkezlerinde bu işler ýokary guramaçylykly ýagdaýda  amala aşyrylýar. Biziň  hassahanamyzdaky  Gan otagymyzda hem  donorlardan gan almak, gany arassalamak, ony gaýtadan işlemek, belli bir wagtyň dowamynda saklamak  bilen baglanyşykly işler amala aşyrylýar. Ganyň we gan önümleriniň ýokanç keselleriniň ýaýramak howpundan halasdygyna aýratyn üns berilýär. Gan tabşyryjylaryň saglyk ýagdaýy hökman gözegçilik edilýär we öwrenilýär.

 Donorlar diýlende, bize bäş ýyl bäri hyzmat edýän donorlarymyz ― Ýusup Nazarow, Kurbanýaz Hudaýberdiýew, Ylham Bazarow, Ahmet Ýazkulyýew, Batyr Annamyradow, Yhtyýar Çowdurow, Baýram Joraýew ýaly gan tabşyrýan ildeşlerimiz aýratyn bellärliklidir. Çünki olar raýatlarymyzyň saglyklaryny dikeltmekde meýletin gan tabşyrmak arkaly uly ýardam edýärler. Şol sebäpden ynsan saglygyna, ömrüne tapylgysyz ýardam berýän bu ynsanperwerleri hormatlap,  ähli kärdeşlerimiziň adyndan köp sagbolsun aýdýarys.

Gan tabşyrmak sagdyn adamyň bedeni üçin peýdalydyr. Ýylyň dowamynda donor  gany 2 den 5 gezege çenli tabşyryp bilýär. Yzygiderli gan tabşyrylandan soň 3 aý arakesme berilmelidir.

Adam janyny  halas etmek  gan gory bolmazdan mümkin däl. Şunlukda donorlar başganyň ömri, saglygy  üçin  alada edýän ynsanlardyr. Olaryň şanyna her ýylyň iýun aýynyň 14-ne «Bütindünýä donorlar güni» bellenilýär. Çünki donorlyk – bu adamyň saglygyny we janyny halas edijilerdir. Ýagny olar başganyň ömri, saglygy  üçin  alada edýän  ýeke-täk ynsanlardyr. Pursatdan peýdallanyp, ynsan ömrüni halas etmekde bitirýän uly aladalary üçin  donorlara janlarynyň sag bolmaklaryny arzuw edip, olary «Bütindünýä donorlar güni» bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Nesibehan ÝAŇYBAÝEWA,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçesindäki hassahanasynyň Gan otagynyň lukmany, iç keseller bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com