Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparyň mejlisi

13-06-2023 / 5087

12-nji iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň 2021 — 2023-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde alyp baran işleri baradaky hasabaty girizildi. Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň ekologiýany, suw serişdelerini goramak boýunça halkara we sebitara çärelere işjeň gatnaşmak boýunça tagallalarynyň nobatdaky beýanydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň alyp barýan ekologiýa we suw diplomatiýasyna laýyk gelýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň agzalary toparyň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garadylar.

Mejlisde ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça taýýarlyk işleriniň ýola goýlandygy barada aýdyldy. Şeýle hem 2024-nji ýylda Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly maglumatlar aýdyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com