
Ýurdumyz Ýer ýüzünde temmäkiden, şol sanda çilimkeşlik bilen bagly beýleki ýaramaz endiklerden azat döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyzda bu zyýanly endikleriň öňüni almak maksady bilen birnäçe iri çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Ýöne gynansak-da, bu ýaramaz endiklere baş goşýanlara gabat gelinmeli bolýar.
Hormatly Prezidentimiz golaýda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurdumyza bikanun getirilmegine hem-de ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler barada hasabat diňledi. Onda ýaş ýigitleriň ýaramaz pişä baş goşup, öz saglyklaryna, ömrüne zyýan ýetirýändikleri bilen tanyşmak hemmämizi diýseň gynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu nogsanlyklaryň öňüni almak barada düýpli aladalaryň edilmegini we dürli çäreleriň görülmegini berk tabşyrdy. Munuň özi ýaşlarymyzyň saglygyny goramak bilen bir hatarda, sagdyn jemgyýetimizi gurmaga edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň beýanydyr.
Bu mesele bagtyýar nesillerimizi ýaramaz pişelerden, şol sanda çilimkeşlikden gorap saklamaga bolan borjumyzy has artdyrýar. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň hem nygtaýşy ýaly, Türkmenistan çilimkeşlige garşy hemişe ýiti göreş alyp bardy we bu göreşi geljekde hem dowam etdirer.
Çilim näme üçin adam bedenine zyýanly? Ilki bilen, bu soraga jogap tapsak has-da ýerlikli bolar. Çilimiň tüssesinde awuly himiki maddalaryň 4000-e golaýy saklanýar. Olaryň 40-dan gowragy bolsa adam bedenine zyýanly bolup, hat-da howply täze döremeleriň hem ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Onuň düzüminde nikotin, benzol, metil we etil spirti, uksus turşusy, azot oksidi, meton, stearin hem-de sinil turşulyklary saglyga düýpli zyýan berýän başga-da ençeme maddalar bar. Bulardan başga-da onuň düzüminde myşýak, kükürt wodorody, bogujy gazlar ammiýak, gurum we dürli reňkli himiki reňkler saklanýar.
Çilim adam bedeniniň birnäçesine, ýürek, gan-damar, dem alyş, degna, iýmit siňdiriş hem-de daşky keşbine uly zyýan ýetirýär.
Çilim adamyň degna ulgamynyň işini bökdeýär. Merkezi degna ulgamynyň işi bozulyp, akyl, fiziki zähmete bolan höwesini peseldýär. adamyň ukusy bozulýar, ýatkeşligi peselýär. gaharjaňlyk, rahatsyzlyk, keýpsizlik ýaly alamatlar peýda bolýar.
Çilimi köp çekýän adamyň işdäsi bozulýar. Aşgazanyň iýmit siňdirişi kynlaşýar. Aşgazanyň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynyň başly ýaralary peýda bolýar. Dodaklaryň, diliň, agyz boşlugynyň, gyzylödegiň howply täze döremeleriniň töwekgelçilik howpy ýokarlanýar.
suwçilim sowulyp alynýan tüssäni sowadýan we çyglandyrýan enjamdyr. Onuň ynsan saglygy üçin zyýanynyň azdygy baradaky pikirler we garaýyşlar bolsa düýbünden nädogry. Suwçilimiň iň uly zyýany onuň belli bir standartlara laýyklykda öndürilmeýänligidir. Şonuň üçin hem ondaky temmäkiniň, şepbikleriň we nikotiniň düzümi her hili bolup bilýär. Suwçilimde temmäkiniň ýanma gyzgynlygyna gözegçilik etmek hem kyn. Bulara suwçilimiň ýalňyş doldurylyşy, ýakylýan kömrüň hili ýaly näbelli ýagdaýlary hem goşup bileris. Suwçilim çekilende nikotiniň, temmäkiniň düzümindäki şepbikleriň, benzapireniň, myşýagyň, kobaltyň, hromyň we beýleki kanserogenleriň diňe az mukdaryny suw süzüp bilýär. Olaryň agramly bölegi bolsa tüsse arkaly adamyň öýkenine düşýär. Eger adaty çilimi çekmek üçin bary-ýogy birnäçe minut gerek bolsa, suwçilim birnäçe sagada çekip bilýär. Bu bolsa adam öýkeniniň zyýanly kömürturşy gazyndan has köp ejir çekmegine, şeýlelikde, ýürek bulanmasy, demgysma ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, suwçilim bilen adaty çilimiň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany deň derejede diýip bileris.
Suwçilim nikotini, kanserogen maddalary, toksinleri we agyr metallaryň duzlaryny özünde saklaýar. Ol aşgazanda gastrit we aşgazan başy ýaly keselleriň hem döremegine sebäp bolýar. Alymlar suwçilim her gezek çekilende, ýüregiň çalt urup, gan basyşynyň ýokarlanýandygyny, arterial gan damarlarynyň gatalýandygyny aýdýarlar. Bu bolsa beýniniň we miokardyň infarktyna getirýär.
Adaty, elektron we suwçilimiň ynsan saglygyna zyýany baradaky söhbeti has uzaldyp bolar. Ýöne şu getiren mysallarymyzyň hem okyjylary çynlakaý oýlandyrjakdygyna ynanýarys. Zyýanly pişä baş goşmaga milt edýän her bir ýetginjegi bu pişeden halas etmek, aslynda, onuň ömrüni we jemgyýetiň saglygyny halas etdigimizdir. Çünki çilim çekýän adam diňe bir özüniň däl, eýsem, daş-töwereginiň hem saglygyna zyýan ýetirýär.
Şeýle zyýanly närse baş goşmak, onda-da Watanyň ertirki geljegi bolan ýaşlaryň baş goşmagy zerur halatda öňüni alynmaly ýagdaýdyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem uly aladalary edýär. Biz hem bu mukaddes aladalara jogap edip, ýaramaz endikleriň garşysyna göreşip, ynsan ömrüni, jemgyýetiň saglygyny goramakda gijämizi gündiz edip işläris.
Züleýha JORAÝEWA,
Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.