
«Donor» sözi sowgat bermegi aňladýan «donare» diýen latyn sözünden gelip çykypdyr. Lukmançylykda donor — öz ganyny sowgat berýän adam. Donorçylyk hereketiniň ahlak gözbaşy ýagşylyk, ynsanperwerlik, adamkärçilikdir.
Beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, her ýylyň 14-nji iýunynda Halkara donorlar güni ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Türkmenistanyň «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Kanunyna laýyklykda, 18 ýaşdan 60 ýaşa çenli bolan sagdyn adamlar öz islegi boýunça meýletin gan tabşyryp, donor bolup bilerler. Ýurdumyzda saglygy goraýyş edaralary gan we gan önümleri bilen üpjün edilip, bu ugurda zerur işler ýola goýulýar.
Lukmanlar donorlygyň peýdasy barada şulary belleýärler:
— bedeniň kesellemeginiň öňüni almak: heläkçiliklerde, betbagtçylykly hadysalarda, ýanyklarda, agyr amallarda ganyň ýitgisine durnuklylyk;
— ganyň döremegine täsir etmegiň, bedeniň öz-özünden täzelenmeginiň hasabyna ömri uzaltmak;
— ýürek-damar keselleriniň öňüni almak;
— immun ulgamynyň keselleriniň, iýmit siňdirişiň bozulmagynyň, aterosklerozyň, bagryň, aşgazanasty mäziň işiniň bozulmagynyň öňüni almak;
— ýagşy işlerden kanagatlanmak.
Donor gan tabşyrandan soň, beden ony dikeldip başlaýar. Oňurga ýiliginde eritrositler işlenip çykýar. Munuň özi bedeniň ähli dokumalaryna we synalaryna kislorody eltýän ganyň gyzyl öýjükleridir. Mundan başga-da, oňurga ýiliginde sütün öýjükleri döreýär, olardan synalaryň we dokumalaryň ähli öýjükleri peýda bolýar. Şeýlelikde, gan tabşyrylmagy adamyň bütin bedenini täzeleýär. Donorçylyk gan berýäniň saglygy üçin peýdaly. Alymlaryň maglumatlaryna görä, gan tabşyrýan adamlarda infarkt howpy onlarça esse az bolýar. Maglumatlar erkek donorlaryň ýürek tutgusyndan seýrek ejir çekýändiklerini tassyklaýar. Ganyň yzygiderli tabşyrylmagy holesteriniň pes derejesini saklaýar. BSGG-niň maglumatlaryna görä, hemişe gan tabşyrýan donorlar, beýleki adamlara garanda, ortaça 5 ýyl köp ýaşaýarlar.
Ylmy barlaglaryň we amaly gözegçilikleriň netijesinde, bedenden 400 — 450 ml. möçberde döwürleýin gan aldyrmak diňe adam üçin zyýansyz we howpsuz bolman, eýsem, onuň saglyga oňaýly täsir edýändigi subut edilendir.
Güljahan HYDYROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.