
Nýu-Ýorkda geçirilen auksionda şu günki güne çenli iň uly göwher rekord derejede satyldy. Şeýlelikde, bu göwher satuw rekordyny we öz reňkini täzeledi.
Geçen ýyl ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki «Sotheby» auksion öýünde Dubaýda ýerleşýän «Fura» magdançylyk kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan magdanda tapylan 55,22 karatlyk göwheriň başlangyç bahasy 21 million dollardy. Häzirki wagta çenli auksiona çykarylan iň uly göwher, «Estrela de Fura» diýlip atlandyrylyp, rekord bahasy bilen 34,8 million dollara satyldy. «Estrela de Fura» auksionda satylan iň gymmatly göwher boldy. Auksion öýi göwheri «ömründe bir gezek gymmat bahaly daş» diýip häsiýetlendirdi.
Ýöne muňa garamazdan, 2017-nji ýylda Gonkongda geçirilen auksionda 71,2 million dollara satylan 59,6 karatlyk «Pink Star» häzire çenli satylan iň gymmat gülgüne göwher hökmünde tanalýar.
Gülnar ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.