Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ekologiýa babatynda halkara başlangyçlar

10-06-2023 / 5026

Tebigat adamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Bir söz bilen aýdylanda, adam tebigatyň bölegidir. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki taýdan üpjünçiligine baglydyr.

Ylmyň we tehnikanyň ösýän döwründe adamzadyň tebigata ýetirýän täsiri artyp, giň möçbere eýe boldy. Halkymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykda ýaşap gelýär. Her bir ot-çöpi müň derdiň dermany. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady hem halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan hem-de geljek nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwletimizde ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda döwletimiz tarapyndan kanunlaryň we hukuknamalaryň 50-den gowragy kabul edildi. “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Agyz suwy hakynda”, Kanunlary, Türkmenistanyň Tokaý we Suw kodeksleri hem-de beýleki kanunlar kabul edildi. Bu hukuk namalarynyň her biri öz kadalarynda ykdysady başlangyçlary berkidýär.

Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda haýwanlaryň 9 müňden gowrak, ösümlikleriň bolsa 7 müňe golaý görnüşi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawyna girizildi.Türkmenistanda biodürliligi gorap saklamagyň 2024-nji ýyla çenli Milli strategiýasy işlenip taýýarlandy.

Döwletimizde ekologiýa ulgamynda hereketleriň özara sazlaşygyny gazanylmagy hem Hazaryň ekologiýa ýagdaýy we ony gorap saklamak boýunça çäreleri görmek bolup durýar. Hut şonuň üçinem 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Hazaryň ekologiýa deňagramlylygyny, deňziň täsin biologik köpdürlüligini saklamak işinde ylma aýratyn ornuň degişlidigine, amaly nukdaýnazardan, munuň Hazar sebitinde ykdysady taslamalaryň ählisiniň ýokary halkara ekologiýa standartlarynyň esasynda amala aşyrylmalydygyna ünsi çekýär.

Gülnur ESENOWA,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com