Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ykbalyň eçilen bagty — ýurt berkarar, ýollar ýagty

09-06-2023 / 5070

Özünde gözelligi, kämilligi, çeperçiligi jemleýän sungat eserleri bu ajaýyp aýratynlyklary bilen adamlaryň kalplaryna ornamagy başarýar we olaryň durmuşynyň gözelleşmegine täsir edýär. Uly bolmadyk sungat eserinde şeýle jadylaýjy güýç bar bolsa, mähriban ýurdumyzyň Ahal topragynda Arkadag şäheriniň beýik sungat eseri hökmünde bina edilmegi bagtyýar halkymyzyň kalbyny näderejede buýsançdan dolduryp, başyny göge ýetirendigine göz ýetirmek bolar.

Gözelligi, döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylanlygy bilen haýrana goýýan «akylly» şäheriň gysga wagtyň içinde milli hünärmenlerimiz, gurluşykçylarymyz tarapyndan bina edilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Çünki ýurdumyzda ähli babatda döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän kämil hünärmenleri ýetişdirmek ýurdumyzyň bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Arkadag şäherinde bina edilen desgalaryň «akylly» — häzirki zaman usullary arkaly gurlandygy diýseň buýsandyryjydyr. Ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaklaryny, olaryň ylmy binýadyny kemala getirmegini doly derejede kepillendirýär. Mekdeplerde interaktiw tagtalaryndan peýdalanylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portallarynyň döredilmegi, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn maslahatlaryň guralmagy muňa mysal bolup biler.

Arkadag şäherinde Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebiniň gurulmagy basgançaklaýyn alnyp barylýan saz biliminiň hem hiliniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirer. Döwrebap sungat mekdepleriniň gurulmagy, olaryň zerur bolan saz gurallary bilen üpjün edilmegi ol ýerde zähmet çekjek hünärmenleriň işinde giň mümkinçilikleri döreder. Bu bolsa, saz bilimini konserwatoriýada dowam etjek ýaşlaryň taýýarlyk derejesiniň has-da ilerlemegine goşant goşar.

Arkadag şäherinde amala aşyrylýan täzeçil şähergurluşyk maksatnamalarynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenendir. Munuň özi iri gurluşyklarda «akylly» şäher konsepsiýasynyň, «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly döwrebap çeşmeleriň ähmiýetini has-da aýdyň ýüze çykarýar. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen kemala gelen döwrebap şäher binagärligiň, ekologiýa abadançylygynyň beýik nusgasydyr. Ajaýyp binalaryň milli binagärlige, döwrüň iň täze gazananlaryna esaslanylyp gurulmagy aýratyn ünsüňi çekýär.

Ihtiýar SEÝIDOW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com