
Ýurdumyzda çagalaryň her biri alada bilen gurşalandyr. Diýarymyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan doly derejede ösmegi ugrunda ähli şertleri üpjün etmek, olaryň başarnyklaryny we zehinlerini açmak üçin sagdyn durmuş gurşawyny döretmek üstünlikli durmuşa geçirilen döwlet wezipesidir. Ýurdumyzdaky häzirki ähli okuw maksatnamalary, durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri, bilime, saglygy goraýşa, sportuň, boş wagtyňy işjeň geçirmegiň düzümleriniň we beýlekileriň ösdürilmegine berilýän ägirt uly döwlet maýa goýumlary hut şu işlere gönükdirilendir.
Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda gurulýan döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýyl-ýyldan artýar.
Çagalar baglarynda tomus şadyýanlygy başlandy. Küşt, şaşka, basketbol, futbol, stol tennisi bilen meşgullanmak — çagalaryň iň gowy görýän güýmenjeleri. Olar biri-biri bilen ýakymly mekdep ýatlamalaryny paýlaşýarlar. Okan kitaplary, geçen okuw ýyly hakynda pikir alyşýarlar.
Çagalar baglarynda birnäçe gurnaklar hereket edýär, her günde birnäçe gyzykly çäreler geçirilýär. Surat çekmek, kompýuter gurnaklary we sport çäreleri çagalaryň wagtyny hoş geçirmäge ýardam edýär. Tomusky dynç alşyň ilkinji tapgyry örän täsirli dowam edýär.
Gözel Gökderede we Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri hakda aýtman geçmek bolmaz. Şeýle sagaldyş merkezleri welaýatlarda hem guruldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde bu ýerde çagalara köp sanly gyzykly wakalar, duşuşyklar, medeni we sport çäreleri, zehin we döredijilik bäsleşikleri garaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyplaryny ýüze çykarmaklary üçin turuwbaşdan ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Munuň özi, ozaly bilen, Watanymyzyň, halkymyzyň geljeginiň ykbalyna bolan ýokary jogapkärçilige esaslanýandyr.
Nadira DUŞEMOWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.