Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi

06-06-2023 / 5087

5-nji iýunda türkmen paýtagtynda 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň dabaraly açylyşy boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasy Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. 

Bu sport çäresiniň geçirilmegi ugrunda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Tennis federasiýasy tarapyndan toplumlaýyn esasda taýýarlyk görüldi. Munuň üçin paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde türgenler we ýaryşa gatnaşjaklaryň hemmesi, myhmanlardyr janköýerler üçin zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň üç ýokary okuw mekdebiniň — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan 170 meýletinçi taýýarlanyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com