Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan – ŞHG: umumy abadançylygyň bähbidine

05-06-2023 / 5071

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy ýa-da Şanhaý Pakty adyny birinji duşuşygyň geçirilen ýeri Şanhaýdan alýandyr. 1996-njy ýylyň 26-njy aprelinde onuň ilkinji mejlisi geçirildi. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen biziň ýurdumyzy hoşniýetli erk, taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi häzirki döwürde halkara giňişlikde özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň belentdigine, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli özara hereketleri ösdürmek meselelerinde ýurdumyzyň işjeň çykyş etmek ýörelgesine eýerýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan ŞHG bilen syýasat, howpsuzlyk, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini we usullaryny ýola goýmaga taýýardyr. Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar aýratyn jogapkärçiligi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän döwletleriň jebisligini, ählumumy we sebit howpsuzlygyny saklamak, gapma-garşylyklara, ýaramaz bäsdeşlige ýol bermezlik boýunça umumy strategiýany ýola goýmaklaryny talap edýär.

Türkmenistan birnäçe döwletleriň — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň, synçylarynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-de döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmagyna ýokary baha berýär. Munuň özi parahatçylyk döredijilikli gün tertibiniň ilerledilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Munuň özi Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu netijeli başlangyçlar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär.

Kerim KERIMOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com