Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Tomus we saglyk

05-06-2023 / 5018

Tebigat bize gyş, ýaz, tomus, güýz pasyllaryny peşgeş berýär. Adamyň bedeni pasyl çalşygy döwründe, şol paslyň aýratynlyklaryna görä uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysany bedeniň immun, maddy alyş-çalyş ulgamlary ýerine ýetirýär. Bedeniň pasyllaryň çalşygyna uýgunlaşmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini dogry berjaý etmek wajypdyr. Munuň özi dürli keselleriň öňüni almagyň iň ygtybarly usulydyr.

Ýetip gelen tomus paslynda adamyň witaminlere, mikroelementlere baý ter önümleri ýeterlik mukdarda kabul etmegi zerurdyr. Sebäbi bu ýagdaý tomus pasly üçin uýgunlaşma hadysasyny başdan geçirýär we tomsuň jöwzaly yssy günlerinde çydamly bolmaga hem-de gerekli bolan güýji toplamaga ýardam edýär. Tomsuna kakadylan miweler bilen gök çaý adamlaryň isleg bildirip içýän esasy içgileriniň biridir.

Tebigatyň täsin hadysalaryna laýyklykda, adam bedeni her pasla görä iýmit talap edýär. Ýylyň ähli pasyllarynda adamda kädi, şugundyr, käşir, kelem ýaly gök önümleri kabul etmäge isleg bolýar. Diýmek, adam tagam taýýarlanda-da, geýnende-de tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyna juda ünsli bolmaly. Ýaz paslynda tebigatyň howa şertlerine laýyklykda egin-eşikleri, ykjam aýakgaplary, Günüň ýiti günlerinde başgaplary geýmek zerurdyr. Ýiti sowuklama keselleriniň öňüni almak maksady bilen, derlemekden goranmaly. Derlenen halatynda öýde açyk duran penjire bilen gapylaryň arasynda emele gelen şemalyň ugrunda durmazlyk, daşardaky sowuk şemalyň ugrunda bolmazlyk siziň jan saglygyňyz üçin wajypdyr. Saçlar ýuwulandan soň dogry we doly guradylmaly. Guramadyk çygly saçlar bilen hiç mahal şemalyň, sowadyjy enjamlaryň ugrunda durmaly däldir. Daşaryk hem çykmaly däl. Sebäbi saçyň düýbünde galan sowuk çyglyk dürli sowuklamalaryň esasy sebäbi bolup bilýär.

Tomus paslynda dürli iýmitden zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli.

Pasyllara görä geýnip, sagdyn iýmitlenip, ýylyň ähli pasyllarynda hem sagdyn bolmak siziň öz eliňizde!

Gunça ORAZBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com