Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna

04-06-2023 / 5033

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesine laýyklykda, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga, parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklara  gönükdirilen asylly maksatlar halkara derejesinde uly abraýa eýe bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlary ählumumy derejede giň goldawa eýe bolýar.

Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalarynyň gowşurylmagy ekologiýa syýasatynyň ata Watanymyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini görkezýär.  Şeýle ajaýyp işler diňe bir türkmen halkynyň bähbidine dälde, eýsem, bütin adamzadyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýet topary Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde dünýäniň kyrkdan gowrak döwletlerinden gelen wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen X halkara Newa ekologiýa kongresine, onuň çäginde gurnalan çärelere gatnaşdy.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen kongresiň dowamynda iň möhüm, derwaýys meseleleriň biri bolan ekologiýa ulgamyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şol ugurdaky alnyp barylýan parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşmak kongresiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Newa halkara ekologiýa kongresi 2008-nji ýyldan bäri Sankt-Peterburg şäherinde geçirilip, bütin dünýäde emele gelýän ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga açyk meýdança bolmak bilen parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

Şamaral GARAÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com