
Her ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu sene Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýasy bilen esaslandyryldy we Türkmenistan onuň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Türkmenistan bilen bir hatarda, Bütindünýä welosiped güni dünýäniň ençeme ýurtlarynda bellenilýär.
Häzirki wagtda Bütindünýä welosiped güni sagdyn durmuş ýörelgesine we amatly ulag serişdesine gönükdirilen hereketiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Welosiped ─ bu hereketiň nyşanydyr. Ekologiýa üçin zyýansyz bolmak bilen welosipedli sport dünýä derejesinde uly meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sportunyň hem täze ösüşlere eýe bolýandygyny nygtamak zerurdyr.
Türkmenistanda welosipedçilik hereketini öňe sürmäge gönükdirilýän çäreler giň gerimliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda 2019 sany welosipedçi biri-birinden deň aradaşlykda bir hatara düzülip, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan aýlandylar we 3300 metr aralygy geçdiler. Ol bu ugurda iň uzak wagt dowam eden welosiped ýörişi bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Ýurdumyzyñ paýtagtynda «Welosiped» binasynyň açylmagy, onuň çeperçilik kompozisiýasynyň milli äheňleri we türkmen halkynyň umumadamzat hem-de halkara sport hereketiniň tarapdarydygynyň alamatlaryny özünde jemleýär. Şeýle uly çäreleriň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň adam saglygy, Watanymyzyň sagdyn gelejegi barada edýän aladalarynyň çäksizdigini ýene bir ýola subut edýär.
Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.