
Türkmen-wenger gatnaşyklary umumy ruhy-medeni gymmatlyklarda jemlenen dostlukly gatnaşyklara esaslanýar. Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň maý aýynda ýola goýlup, häzirki wagtda iki döwletiň Hökümet we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýanr. Türkmenistan bu döwlet bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär.
Türkmen-wenger hyzmatdaşlygynda dürli ugurlarda tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Söwda-ykdysady ulgamy, ulag, energetika toplumy, senagat hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Şunda, özara gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrýan we netijeli işewür gatnaşyklary işjeňleşdirýän bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir.
Şunuň bilen birlikde, däp bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň ähmiýeti uludyr. Iki ýurt BMG, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydyr. Wengriýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýär hem-de ýurdumyzyň ählumumy möçberdäki howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän halkara başlangyçlaryny goldaýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistan we Wengriýa dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýar. Ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary üns berýäris. Ýakyn günlerde Aşgabatda geçirjek gepleşiklerimiziň netijeli boljakdygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.
Dünýä döwletleri bilen gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu netijeli başlangyçlar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär.
Sanjar PERMANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.