
2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi döwletimiziň bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini işjeňleşdirmek we goldamak, milli hem-de ählumumy derejede jemgyýetiň ýokary ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň halkara bileleşik tarapyndan giňden ykrar edilýändiginiň güwäsi boldy. Bu baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramydyr.
Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sportunyň hem täze ösüşe eýe bolýandygyny nygtamak zerur. Welosiped sporty 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli geçirilmegi sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň we janköýerleriniň sanynyň artmagyna getirýär.
Welosport bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin hem örän peýdalydyr. Ol tebigatyň gözelligini synlap, lezzet almaga mümkinçilik berýär. Säher bilen arassa howada geçirilen wagt ylhamyňy joşdurýar, tutuş günüň dowamynda keýpiçaglyk, ruhubelentlik berýär. Bu ugurdaky barlaglar onuň adam bedenine köptaraplaýyn peýdalydygyny ylmy esasda subut etdi. Welosiped sürmek bilen yzygiderli meşgullanylmagy bedeniň ähli myşsalaryny işjeň häsiýete getirýär. Netijede, adamyň ýürek-damar ulgamynyň işleýşi gowulaşýar, bedeniň umumy saglygy durnuklaşýar. Welosiped sürlende bedene kadaly agram salynmagy netijesinde, adamyň işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary we myşsalar, şeýle hem nerw ulgamy berkeýär. Welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär.
Welosipedli yzygiderli gezelenç etmek deriniň garramagyny haýallatmaga kömek edýär. Bu ýagdaý ganyň çalt aýlanmagy netijesinde kislorodyň we peýdaly maddalaryň deriniň öýjüklerine barmagyny we şol bir wagtda-da toksinleriň bedenden çykmagyny üpjün edýär. Welogezelençler deride ýygyrtlaryň döremegini bökdeýän kollageni işläp çykarmak üçin-de örän amatly şertleri döredýär.
Welosiped sürlende, sürüjiniň nazary dürli aralykda ýerleşýän zatlara gönügýär. Onuň netijesinde göz myşsalary berkeýär, bu bolsa göz keselleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Mundan başga-da, welosiped sporty kaloriýalary sarp etmekde, ukynyň hem-de iýmit siňdirişiň gowulanmagynda, ahyrky netijede, ömrüň dowamynyň uzalmagynda hem ähmiýetli hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem welosiped sürmegi öz gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak biziň sagdyn pikirleniş ukybymyzyň güýçlenmegine, hyjuwly, ruhubelent, özümize ynamly bolmagymyza ýardam berer.
Döwletýar ARÇAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.