Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Mahabat — üstünligiň açary» atly festiwaly geçirildi

01-06-2023 / 5014

2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Tehnologiýalar merkezinde Bilim ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi eňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda «Mahabat — üstünligiň açary» atly festiwaly we onuň çäklerinde şeýle at bilen geçirilen geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi.

Festiwal ýaşlary mahabat işiniň çygryna çekmek, olaryň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, özboluşly çözgütlerini ýüze çykarmak hem-de iň oňat mahabat önümini we mahabat nusgalaryny döretmek maksady bilen geçirildi. Bu bolsa, dörediji türkmen ýaşlarynyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

«Mahabat — üstünligiň açary» atly festiwalyň çäklerinde geçirilen bäsleşige 150 dalaşgär hasaba alnyp, deslapky saýlawyň netijesinde olaryň arasyndan 36 sany iş aýratyn tapawutlanmagy başardy. Bäsleşigiň netijesi boýunça Grand Pri baýragyň eýesi, 1 sany ýörite bäsleşigiň ýeňijisi we dürli nominasiýalarda 12 ýeňiji yglan edildi. Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylar topary tarapyndan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com