
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.
Adam saglygyny berkitmekde ýurdumyzda saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda amala aşyrylýan işler ähli ýaşdaky adamlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek arkaly alnyp barylýar. Bu ugurda işler diňe bir saglygy goraýyş edaralaryny, iri sport merkezlerini ösdürmek we türgenleri, lukmanlary taýýarlamak bilen bagly bolman, eýsem, toplumlaýyn häsiýetde amala aşyrylýar.
Biziň her birimiz hem öz gezegimizde saglygymyzy berkitmek ugrunda dogry we sagdyn iýmitlenmeli, zyýanly endiklerden daşda durmaly, wagtly-wagtynda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmalydyrys. Çünki sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini doly we dogry berjaý etmek diňe bir saglygymyzy goramak ýa-da daşky durkumyzyň gözel syrdamly bolmagyna oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, ömür dowamatynyň artmagyna hem örän ähmiýetlidir.
Fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak uzak ýaşamaga ýol açýar. Lukmanlar günüň dowamynda 30 minut işjeň türgenleşmekligi maslahat berýärler. Her gün bary-ýogy 30 minut işjeň türgenleşik adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine kömek edýär.
Döwletgeldi MÄMEDOW,
Saýat etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň erkin göreş boýunça tälimçisi.