
Internet ulgamynyň dünýäniň iň baý elektron maglumat binýadydygy hemmeler tarapyndan bilinýän hakykatdyr. Emma internet ulgamyndan durmuş we işewürlik maksatly peýdalanmak, onda netijeli peýdalanmagy öwrenmek, gözleýän maglumatyňy köp wagt ýitirmezden tapmagy başarmak döwrüň hiç wagt ünsden düşmejek möhüm talaplarynyň we meseleleriniň biridir. Munuň şeýle wajyp ähmiýete eýe bolmagynyň aňyrsynda bolsa internete birigýän ulanyjylaryň sanynyň sekuntsaýyn artmagy we onuň maglumat binýadynyň gigabaýtlarça täze maglumatlar bilen üstüniň ýetirilip durulmagy ýatandyr.
Ýurdumyzda ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berilişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Häzirki wagtda bolsa, bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça işler ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Resminama bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen tassyklandy.
Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bilim ministrliginiň garamagynda innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi, şol ýerde-de elektron bilim gorlaryny özünde jemleýän merkezi serweriň ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Sanly bilim ulgamy baradaky Konsepsiýanyň öz miwelerini ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem berýändigini görýäris. Ýagny welaýatymyzda orta mekdepleriň arasynda onlaýn sapaklar bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň has çuňňur bolmagyny üpjün edýän şeýle sapaklar mekdeplerde sanly bilim babatynda ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilen geçirilýär.
Gözel ABDYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdebiniň mugallymy.