Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Agaçdan oglanjygyň taryhy

31-05-2023 / 5029

Bilşimiz ýaly, “Walt Disney” studiýasy öňdebaryjy kino we multifilm kompaniýasy hökmünde dünýä bellidir. Geçen asyryň başyndan bäri çagalar üçin dürli görnüşli multfilmleri taýýarlamagyny dowam etdirýän kompaniýanyň 1940-njy ýylda ýaýlyma çykaran “Pinokkio” atly multifilmi körpe tomaşaçylaryň göwnünden turýar.

Bu animasion film italýan ýazyjysy Karlo Kollodiniň “Pinokkionyň başdan geçirenleri” atly ertekisi esasynda döredilýär. Multifilmiň ilkinji gezek ekrana goýberilişi örän uly girdeji getirýär.

Multfilmde Italiýanyň bir şäherindäki agaç ussasy (baş gahryman) Jeppetonyň agaçdan ýasan adamjygy bolan Pinokkionyň başdan geçirmeleri barada gürrüň berilýär. Bu multifilm 2 gezek “Oskar” baýragyna mynasyp görüldi.

Kollodiniň bu eseri diňe bir animasiýa däl-de, eýsem kino hökmünde-de birnäçe gezek (1972-nji, 1991-nji, 1996-njy, 2002-nji, 2004-nji, 2008-nji, 2011-nji ýyllarda) mawy ekranlarda peýda boldy.

Şöhrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com