
Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýaşlarda döwletli döwrümize bolan söýgini artdyryp, ata Watanymyza bolan guwanjymyzy goşalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen dabaralanan döwlet syýasatynyň bu möhüm ugry döwletiň has röwşen geljegi bilen berk baglydyr. Şonuň üçin hem ýaşlar baradaky alada Arkadagly Serdarymyzyň hem hemişelik üns merkezinde saklanýar.
Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösdürilmegi, ýaş hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanmagy, innowasiýanyň we häzirkizaman mümkinçilikleriniň ähli düzümlere giňişleýin ornaşdyrylmagy, ýaş türgenleriň taýýarlanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi, milli terbiýe ulgamynyň dikeldilmegi we arassa ahlakly nesliň ýetişdirilmegi berkarar döwletiň mynasyp ýaşlaryny ýetişdirmäge oňyn mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde ýaş raýatlary durmuş taýdan goramaga, ýaş maşgalalara goldaw bermäge, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmäge berilýän üns hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu günki günde türkmen ýaşlary kämil bir maşgalany esaslandyrmagyň, zähmet çekýän ulgamynda öndürijilikli işlemegiň hötdesinden gelmegi başarýarlar. Türkmen ýaşlarynyň ösüşiň ähli ugurlary boýunça gazanýan üstünlikleri mähriban halkymyzy guwandyrýar we buýsandyrýar. Türkmen ýaşlarynyň milli mertebämize mahsus sypatlary, gaýratly we dogumly keşbi ak geljege bolan umytlara ganat, ynamlara ygtybarlyk bagyşlaýar.
Degişli maksatnamalar, meýilnamalar we öňde goýulan wezipeler bilen ýaşlar syýasatyny milli kanunçylygyň döwrebap görnüşinde kämilleşdirmek ýörelgesi hakyky türkmençilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Çünki ata-babalarymyz hem perzent terbiýesine, ýaş nesliň jemgyýetdäki ornuna we olaryň geljegine aladaly nazar bilen seredipdirler.
Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Hojambaz etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.