Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Oba hojalygynyň ösüşleri

28-05-2023 / 5081

Häzirki wagtda welaýatlarymyzda ýyladyşhana hojalyklarynyň uly toplumy hereket edýär. Olar şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün edýär. Ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak hem-de olary möwsümleýin saklamak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky edýän aladalarynyň netijesinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Täze tehnikalaryň dürli görnüşleri yzygiderli getirilýär. ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Italiýanyň meşhur kompaniýalarynyň tehnikalary gowaça, bugdaý, şaly ýaly oba hojalyk ekinleriniň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda uly güýç bolup durýar. Bu sanawa geçen ýakyn ýyllarda Özbegistan Respublikasynda öndürilýän «MX — 1,8» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlary hem goşuldy.

Ýadyňyzda bolsa, 2019-njy ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda oba hojalyk tehnikalaryny üç tapgyrda telematik ulgama geçirmegiň Konsepsiýasyna gol çekildi. Türkmenistan bilen «John Deere»-iň hyzmatdaşlygy indi ýyllara daýanýar. 20-25 ýylyň dowamynda bu hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerine kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň ýüzlerçesi getirildi. Olar ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dürli işlerde peýdalanylýar. Tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlar bu «polat atlara» ezberlik bilen erk edýärler.

Aýlar BEKIÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com