Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Bilimleriň we bilimlileriň şäheri

26-05-2023 / 5026

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän Aşgabat Diýarymyzyň döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir.

Ak mermerli paýtagtymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Häzirki wagtda ýokary ýokary okuw mekdepleriniň ençemesini özünde jemleýän Aşgabat şäherinde milli hünärmenlerimiz dünýäniň ösen bilim derejesinde taýýarlanylýar. Türkmen talyplarynyň halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanýandygy baradaky hoş habarlar yzygiderli eşidilýär, merjen şäherimizde dünýäniň zehinli ýaşlarynyň arasynda olimpiadalar geçirilýär. Munuň özi Aşgabadyň ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryň iri merkezine öwrülýändiginden nyşandyr.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralaryna gabat gelýändigi hem bellärliklidir. Mekdepleriň uçurymlary üçin täze jogapkärli döwür başlanýar, olar täze durmuşa gadam basýarlar. Baýramçylyklaryň goşalanyp gelmegi hoşniýetliligiň, ruhubelentligiň hem-de bagtyýarlygyň alamatydyr. Munuň özi paýtagtymyza, ýaşlarymyza, Watanymyza bolan söýgini has-da artdyrýar.

Kerimberdi ESENOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com