Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Baky juwan Aşgabat

26-05-2023 / 5045

Gadymy türkmen topragynyň beýik taryhy  eziz ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäherimiz bilen berk baglydyr. Taryhy atlandyrylyşy boýunça «aşyklar şäheri» diýlip tanalan Aşgabat söýgüniň, yhlasyň, höwesiň, abatlygyň hem abadanlygyň şäheridir.

Degişli çeşmelerde bellenilişi ýaly, Aşgabadyň döremegi (ýagny, onuň häzirki ýerleşen ýerinde — Kesearkaç düzlüginde hut şeýle atly şäheriň emele gelmegi) has takyk derejede azyndan XVIII-XIX asyrlaryň çäginde, haçan-da Günorta Türkmenistanda şäher görnüşli ilatly ýerleriň we kiçi şäherleriň döremegi we ösmegi üçin şertleriň ýüze çykan döwri bilen baglanyşdyrylýar. Has takygy, Aşgabat şäheri gadymdan oturumly Ashabat obasynyň ýerinde döräpdir. Ýeri gelende bellesek, 1881-nji ýylyň ýanwarynda Ashabat çeşmesiniň  ugrunda ýerleşýän agzalan obada sekiz ýüz çemesi ak öý bar eken. Şol ýylda hem gadymy türkmen topragynyň bu sebiti Aşgabat şäheri hökmünde Zakaspi oblastynyň merkezi diýlip yglan edilipdir.

Şol döwürlerden bäri hem ýurduň merkezine öwrülen bu ýerlerde gülläp ösüşiň täze gadamlary öňe ilerläp ugraýar. Bu günki günde ýyllaryň ýatlamalaryny başdan geçiren ak şäherimiz baky bagtyýarlygyň, sowulmaz döwletli-döwranyň mesgenine öwrüldi. Aşgabatda gurulýan täze binalar, desgalar, kaşaň ymaratlar we köşki-eýwanlar, läle-reýhan hem-de bagy-bossan görnüşler şäheriň görküne görk goşýar. Iň ýakymly hem ýatdan çykmajak wakalary bilen taryhyň altyn sahypalaryny ýazýan Aşgabat gün-günden täze keşbe eýe bolup, barha gözelleşýär.

Şonuň üçin hem biz Baş şäherimize ýaşlygyň, juwanlygyň, ösüşiň hem-de täze üstünlikleriň şäheri hökmünde garaýarys.

Merdan BERKELIÝEW,
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com