Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Oňyn ýaşaýyş üçin ýönekeý 4 ädim

23-05-2023 / 5045
  1. Akylyňyza gözegçilik ediň! Biziň reaksiýalarymyz we gylyk-häsiýetlerimiz esasan endiklerimiz tarapyndan dolandyrylýar. Şol sebäpli pikiriňizi üýtgetmek we wakalara oňyn we bagtly çemeleşmek sizi oňyn eder.
  2. Sözler! Oňyn sözleriň sanawyny ýatda saklamak bilen beýniňizi oňyn we bagtly sözleri ýygy-ýygydan ulanmaga mejbur edip bilersiňiz. Pikiriňizi täzeden düzmek bilen, garaýşyňyzy üýtgedersiňiz we oňyn durmuşda ýaşarsyňyz. Mundan başga-da, bu ýagdaý daşky gurşawyňyza hem öz täsirini ýetirer.
  3. Möhüm zatlara üns beriň! Durmuşyňyzda elmydama negatiw we pozitiw zatlara duş gelersiňiz. Ýöne haýsysynyň size täsir edýändigini welin hut özüňiz kesgitläp bilersiňiz. Şol sebäpli hemme zada üns bermegiň ýerine, özüň üçin has möhüm we ileri tutulýan zady ilki çözmeli.

4. «ÝOK» diýmegi öwreniň! Käbir adamlar üçin «ýok» diýmek kyn. Emma hemme zada «hawa» diýip hem bilmersiňiz. Aslynda isleýän we islemeýän zadyňyzy doly öwreneniňizden soňra «ýok» diýmegi öwrenseňiz has ýerlikli bolar.

Nurmuhammet BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com