Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ajap eýýamymyzyň ak ýollary

23-05-2023 / 5077

Ata Watanymyzda ýol-hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän ýollaryň çar ýana uzamagy ýollarymyzyň asuda bolmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.

Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy bilen, şahsy hojalyklarda ulanylýan awtoulaglaryň hem sany artýar. Şonuň üçin sürüjiler-de, pyýadalar-da ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmelidirler. Köçelerde, ýollarda awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi, ulag gatnawynyň artmagy olaryň has-da ünsli bolmagyny talap edýär. Bularyň hemmesi bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Eziz Diýarymyzda täze ýollaryň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ata Watanymyzyň görküne görk goşýar. Halkymyza ajap döwri peşgeş beren döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk guramaçylykly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Onuň netijesinde ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň ep-esli peselýändigini buýsançly nygtamak gerek.

Esasy Kanunymyzda adalatly bellenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Gürrüňi edilýän biraýlygyň esasy maksady hem onuň şygarynda jemlenýär. Çünki «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy».

Döwran JUMAÝEW,
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com