Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Terbiýe mirasy

19-05-2023 / 5058

Perzendiň edep-terbiýeli, ilhalar adam bolup ýetişmeginde, ilki bilen, maşgalada berilýän terbiýä uly orun degişlidir. Ene-atanyň yhlasy hem-de göreldesi bilen perzent adamzada mahsus bolan iň gowy häsiýetlere eýe bolýar, zähmet terbiýesiniň ilkinji endiklerini ele alýar. Perzendiniň durmuşda öz ornuny tapmagy, bir käriň başyny tutmagy, agzybir maşgala gurmagy üçin ene-ata yhlasyny gaýgyrmaýar. Çagalygyndan halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýeren terbiýäni alan ýaşlar ata Watanymyza wepaly, edepli, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar bolup ýetişýärler.

Ene söýgüsi perzende berilýän terbiýäniň gözbaşydyr. Çünki ene söýgüsiniň özeninde perzendiniň bagtly bolmagy babatdaky alada ýatandyr. Maşgalada berilýän terbiýe heniz çaga sallançakda süýji ukuda ýatan mahaly, enäniň oňa aýdýan terbiýeçilik ähmiýetli şirin mukamly hüwdüsinden başlanýar. Enäniň edep-ekram baradaky çuňňur manyly, ýakymly owazly hüwdüsiniň ganatly setirleri çaganyň aňyna siňip, ykbalyna altynsow nur bolup dolýar. Maşgalanyň bagtyny agzybirlikde görýän ene maşgala abadançylygynyň binýadydyr. Perzendine kiçiliginden durmuşy sapaklary berip kemala getirýän ene, onuň bagtyýar döwran sürmegini arzuwlaýar we munuň üçin halkymyzyň asylly ýörelgelerine kybap terbiýe berýär.

Ilki terbiýesini maşgalada alýan çaga, soňra çagalar bagynda we mekdepde alýan bilim, görelde sapaklary bilen has-da kämilleşýär, ukyp-başarnyklary ýüze çykarylýar. Bu işler, elbetde, çagalara berilýän terbiýe bilen utgaşyklylykda alnyp barylýar. Munuň üçin bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda maşgala abadançylygy, ýaşlaryň asylly terbiýe almagy, olaryň dürli ugurlardan bilimli-düşünjeli bolmagy dogrusynda uly alada edilýär. 

Zülfiýa BAÝPULATOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň statisti.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com