Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti — hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga

19-05-2023 / 5020

Bilşimiz ýaly, 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna bardy. Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi.

Duşuşykda Döwlet Baştutanlary halkara giňişliginde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegini şeýle hem söwda-ykdysady, energetika, ulag, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki gepleşikler jemleri boýunça, döwlet Baştutanlaryň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Gadymy Hytaýyň paýtagty bolan Sian şäherinden gözbaş alyp biziň ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly asyrlaryň dowamynda diňe bir söwda ýoly bolmak bilen çäklenmedi. Ol medeniýetleri birleşdirdi, halklaryň arasyndaky beýik medeni hem-de ynsanperwer alyş-çalyşlary şertlendirdi, olaryň ýakynlaşmagynda we birek-birege düşünişmeginde möhüm orny eýeledi» diýen jümleleri Beýik Ýüpek ýolunyň diňe bir geçmişdäki taryhy ähmiýetini däl, eýsem, häzirki günlerdäki gymmatyny hem gysgadan düşnükli açyp görkezýär. Hut şu söwda ýoly köp müňýyllyk taryhda bolşy ýaly, ösüşiň täze tapgyrynda-da Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň hakyky goňşulara, hakyky dostlara hem hyzmatdaşlara öwrülmeginiň binýadyny goýdy diýsek, ýalňyşmasak gerek. Birek-biregi hormatlamak, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu alty ýurduň özara gatnaşyklary «altyn otuz ýyllyk» diýlip atlandyrylýan döwri üstünlikli «ýaşady». Şoňa görä-de, Sianda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçiriljek ýokary derejeli sammite sebit hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Onuň dowamynda gatnaşyklary ösdürmegiň täze meýilnamalary kesgitlenip, bilelikdäki hereketleriň täze tapgyryna badalga berler.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti sebit howpsuzlygyny goldamaga goşant goşar. Häzirki halkara ýagdaýlaryň örän tiz üýtgäp-özgerip durýan şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar tutuş sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda taraplar birek-biregiň milli bähbitlerden gelip çykýan ösüş ýollaryny doly goldaýarlar, ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ýagdaýy saklamak ugrunda çykyş edýärler. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda abraýly neşirleriň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda bu ugurda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna ünsi çekip: «Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary, ozaly bilen, syýasatdan uzakdaky, özlerine parahatçylyk, durnuklylyk, işlemek mümkinçiligi, asuda, parahat geljegiň kepili zerur bolan millionlarça ýönekeý adamlar baradaky alada ýugrulandyr. Meniň pikirimçe, biziň başlangyçlarymyzyň möhümdigi äşgärdir. Hytaý bilen bilelikde Türkmenistan hem häzirki wagtda bu düşünjeleriň halkara we sebit syýasatynda kesgitleýji ýagdaýlara öwrülmegi ugrunda çykyş edýär. Agzalan howply çäkden daşlaşmak üçin şertleri döretmek, gapma-garşylyklary we çaprazlyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek boýunça jogapkärli çözgütleri kabul etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görýär» diýip belläpdi. Şunda bu işleriň deňhukuklylyk, taraplaryň kanuny bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny hem aýtmak gerek.

Bitarap Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi Hytaýyň «Adam hemme zatdan ýokarydyr», «Halkyň bähbidine dolandyrmak» atly konsepsiýalary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bu günki gün dünýä ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň öňdebaryjysyna öwrülen Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hem-de sebit derejesindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi geljekde-de dostlukly türkmen we hytaý halklarynyň bähbidine hyzmat eder.

Röwşen MYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com