Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Maryda täze dermanhana açyldy

19-05-2023 / 5088

18-nji maýda Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli bolan dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirilip, ajaýyp wakanyň toý öwüşginini artdyrdy. 

Mary şäherinde açylan dermanhana bu ugra degişli düzümleriň üstüni ýetirdi. Onuň umumy eýeleýän meýdany 500 inedördül metrdir. Bu ýerde dermanhana işgärleriniň zähmet çekmegi üçin hemme şertler döredilipdir. Täze dermanhanada bölümleriň birnäçesi we töleg nokatlary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, sanly ulgama birikdirilendir. Dermanhanada Türkmenistanda öndürilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemler, Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary bar. Olaryň ählisiniň ýokary hilli, elýeterli bahalardan halka hödürlenýändigini bellemek gerek. Işi arakesmesiz we dynç günsüz ýola goýulýan täze dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara zerur derman serişdeler bilen birlikde gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde sorag-jogap gullugynyň işi-de ýola goýlupdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com