
Türkmen-Hytaý ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir hyzmatdaşlyk taslamasy bolman, eýsem ol iki ýurduň halklaryna bagt paýlaýan dostluk taslamasydyr.
Taryha nazar salsak, 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň ýolbaşçylyk etmeginde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly sammit geçirildi. Sammitiň dowamynda Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy, Hytaý bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek, nebit we gaz turbageçirijileri boýunça işleriň alnyp barylyşy, energiýa senagatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sammitiň netijeleri boýunça Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki beýannama kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda Pekinde geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Şol gepleşikler deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan strategik hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boldy.
Türkmenistan bilen HHR halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.
Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý wagtyň synagyndan geçen netijeli döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şu ýylyň 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi we şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine uly buýsanç bilen garalýar.
Türkmenistan we Hytaý bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, umumy tagallalaryň ulanylmagy iň täsirli hasaplanýan, söwda we ykdysady ugur, ýangyç we energetika toplumy we beýleki birnäçe pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.